Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maldarçylyk ýurdunda 'et elýetmezligi' ýokarlanýar - hünärmen


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Azatlygyň çeşmeleri we ýerli synçylar türkmen obalarynyň, ata-babadan miras galan maldarçylyk medeniýetiniň ýurduň ilatyny, hususan-da şäher ýerleriniň ýaşaýjylaryny arzan, elýeterli bahadan satylan täze mal eti bilen üpjün eden döwürleriniň geçmişe gidýändigini, hepdeläp, aýlap agzyna et degmeýän maşgalalaryň barha köpelýändigini habar berýärler.

Soňky ýyllarda mallara degýän keseller, ot-iým gytçylygy we beýleki kynçylyklar bilen bagly maglumatlar köp gelse-de, Azatlyk ýurtdaky mallaryň sanynyň düýpli azalýandygy, ilatyň et-ýag üpjünçiliginiň peseldýändigi ýa-da yzygiderli ýokarlanýan nyrhlaryň ýönekeý adamlaryň satyn alyjylyk ukybyny näderejede gowşadandygy barada ýerinde barlag geçirip, anyk sanlary aýdyp bilmeýär.

"Arzan et" geçmişe gidýärmi?

Döwlet eýeçiligindäki metbugatda görkezilýän bolçulyk, Azatlygyň söhbetdeşleriniň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, hakykatda emele gelen azyk gytçylygynyň, hojalyklardaky et-ýag aladalarynyň üstüni örtmek maksadyndan ugur alýar.


“Türkmenistanda dowar bakmak üçin öri meýdanlary, boş ýerler hemişe diýen ýaly ýeterlik bolup, oba ilatynyň aglaba köplügi maldarçylyk bilen meşgullanýar we bu ýagdaý hem obalary, hem şäher ýerleriniň ilatyny elin bakylan ownuk we iri mallaryň eti bilen elýeter bahadan üpjün edip gelýärdi, ýöne bu üpjünçilik barada indi geçen zamanda gürrüň etmeli” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy bilen, daşary ýurtlara işlemäge gidýän türkmenler köplenç ýanlary bilen gowurdak alyp gidýärler we Aşgabadyň halkara uçar menzilinden ellerinden aldyrmasalar, bu gowurdak olara ýat ilde esli wagt huruş bolýar.

Ýolda 'ýoldaş bolan' gowurdak indi 'gymmat düşýär'

Arzan ýa-da elýeterli bahadan tapylan et uzak ýola gidýän sürüjiler üçinem 'gowy ýoldaş' bolýardy.

“Döwletler arasynda ýük daşaýan ýük ulaglarynyň sürüjileri hem köplenç ýanlaryna eslije gowurdak alyp gitmäge çalyşýarlar. Bu gowurdak olara diňe arzan we gowy nahar bolmaýar. Ýol gözegçileri ýolda saklap, bir bahana bilen jerime ýazjak bolsa, sürüjileriň polisiýa gowurdak berip, jerimeden gutulan halatlary seýrek bolmaýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Birnäçe ýyl mundan öň türkmen uçarynda ekipaž agzasy bolup işlän türkmenistanlynyň gürrüň bermegine görä, Türkmenistandan daşary ýurtlara gatnaýan uçarlaryň üstünde işleýän işgärleriň köpüsi ýanlaryna gowurdak göterip, Pariž ýaly şäherleriň myhmanhanalarynda bolanlarynda arzan naharlanyp, pul tygşytlaýan ekenler.

Ýöne indi Türkmenistandaky etiň bahasy gowurdak edip, ýanyňa götermäge ýol bermeýär, ol gymmat diýip, ýerli hünärmen aýtdy.

Azatlygyň habarçysy häzir sygyr etiniň bir kilogramynyň bahasynyň 100 manatdan geçendigini, bazarlarda bolsa, sygyr etiniň kilogramynyň 110, 115 manatdan berilýändigini aýdýar. Bu, ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bir kilogram sygyr etiniň bahasy 5, 6 ABŞ dollaryna barabar diýmegi aňladýar.

“Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy boýunça hasaplasaň, etiň bahasy 10 dollardan hem ýokary bolýar, biziň nyrhlarymyz ýewropa ýurtlarynyň bazar bahasy bilen deňleşdi” diýip, hünärmen aýtdy.


Türkmen häkimiýetleri bilen habarlaşyp, azyk, hususan-da maldarçylyk pudagynda dörän kynçylyklar barada düşündiriş alyp bolmaýar. Şol bir wagtda, türkmen metbugaty bahalar, ilatyň gazanjy, satyn alyş mümkinçilikleri barada aýdylýanlary eşitmezlige salyp, maldarçylykdan alynýan önümleriň azalýandygyny umumylykda ret edýär.

Hökümetiň ösüş sanlary 'garyn doýurmaýar'

Mysal üçin, Balkanly maldarlar geçen ýyl 49682 ene dowardan 45210 owlak-guzy almak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny abraý bilen berjaý etdiler.

Gündogar sebitiň maldarlary geçen ýyl 79 müň 200-den gowrak ene goýundan 72 müň 718 guza derek 73 müň 912 sany guzy almaklygyň hötdesinden geldiler. Bu bolsa möwsümde göz öňüne tutulandan 1 müň 200-e golaý owlak-guzynyň artyk alnyp, ýyllyk meýilnamanyň 101,6 göterim amal edilendigini aňladýar diýip, türkmen metbugaty ýazdy.

Synçylar we Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar resmi ösüş sanlarynyň ‘halkyň garnyny doýurmaýandygyny, ençeme ýyllap dowam eden gurakçylygy, galyberse, zyýanly mör-möjekleriň meýdanda ösýän ýabany ot-çöpleri iýip, takyr meýdana öwrendigini bilmeýän obalynyň azdygyny aýdýarlar.

“Meýdandaky mallar ençeme ýyllap ot-iýmsiz galyp, arryklady. Hor düşen mallar ýa öldürilip satyldy, ýa-da özleri ölüp azaldy. Ýöne bu ugurdaky statistika bize elýeterli däl, diňe çak urup bilýäris. Aýlap agzyna etli nahar degmeýän maşgala barha köpleýär, muny adamlar bilen gürleşeňde bilýärsiň” diýip, hünärmen aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda häzir köp adam eti goňşulary ýa-da garyndaşlary toý edende, hudaýoly, sadaka berende, ýa başga bir üýşmeleňe çagyrylanda iýip bilýär.

Aýry-aýrylykda gürleşilen adamlar Türkmenistanda tölenýän zähmet hakynyň köp hojalyga et satyn alyp iýmäge mümkinçilik bermeýändigini aýtdylar.

“Türkmenistanyň ilaty öň ýurtda öndürilýän azyk harytlary diýilse, ilki mal etini mysal getirerdi, indi bu haryt hem ilata elýetmez boldy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi bu ýagdaýy ýurt başyna gelen ýolbaşçylardan görýändigini, halkyň olardan gary nägiledigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG