ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtondaky öýsüz ýaşaýjylary ol ýerden çykarmakçy bolýar.
"Men paýtagtymyzy ozal ahyr bolşundan has ygtybarly we owadan ýer etmekçi bolýaryn. Öýsüzler şäher merkezini haýal etmän terk etmeli. Biz size ýaşamak üçin ýer bereris, ýöne bu paýtagtdan uzakda bolar. Jenaýatçylar - siziň gidere ýeriňiz ýok. Sizi degişli ýeriňize, türmä salarys. Bularyň hemmesi, edil serhetdäki ýaly, çalt amala aşyrylar" diýip, Tramp "Truth Social" sosial ulgamynda ýazdy.
Tramp diňe bir jenaýatçylyga garşy göreşmek bilen çäklenmän, Waşingtony hem "abadanlaşdyrmak" meýilnamasynyň jikme-jikliklerini birinji gün geçiriljek metbugat ýygnagynda aýan eder.
"Jenaýatçylyk görkezijileri barha erbetleşýär, şäher barha hapalanýar we özüne çekijiligini peseldýär... Çadyrlar, gedaýçylyk, hapaçylyk we jenaýatçylyk peýda bolmazyndan öň paýtagt dünýäniň iň owadan şäheri bolupdy. Ýakyn wagtda ol ýene-de şeýle bolar" diýip, Tramp ýazdy.