Netanýahu Gazadaky täze harby operasiýa meýilnamalaryny aýan etdi

Benýamin Netanýahu

Ysraýyl Gaza zolagynda harby operasiýanyň täze tapgyryna taýýarlanýar, onuň maksady Hamas hereketiniň galan iki berkitmesine gözegçiligi ýola goýmak bolar. Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bu barada Iýerusalimda bolan metbugat ýygnagynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu meýilnama anklawyň iň uly ilat merkezi bolan Gaza şäherine garşy guraljak hüjümi hem öz içine alar. Netanýahu bu operasiýanyň “örän çalt” tamamlanmalydygyny we onuň söweş hereketleriniň soňlanmagyna alyp geljegine garaşylýandygyny aýtdy.

"Takyk seneler barada gürrüň etmek islämok, ýöne urşy soňlamak isleýändigimiz üçin, gaty gysga wagt barada gürrüň edýäris" diýip, "Roýters" Ysraýylyň premýer-ministriniň sözlerine salgylanyp ýazdy.

Ysraýyl häkimiýetleri geçen hepdäniň bäşinji güni Gazadaky harby kampaniýanyň giňeldilmegini tassyk etdiler we bu ýagdaý hem ýurt içinde, hem daşary ýurtlarda, şol sanda Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde tankyt edildi.

Netanýahu Ysraýylyň "operasiýany soňuna ýetirmek" we "Hamasy derbi-dagyn etmek" niýetiniň bardygyny, sebäbi ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilen toparyň ýaraglaryny taşlamak ýüz öwürýändigini aýtdy.

Hamasyň ýolbaşçylygy mundan öň, garaşsyz Palestina döwleti gurulýança, bu toparyň ýaragsyzlanmajakdygyny aýdypdy.