Ýewropa liderleri Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Alýaskada geçirjek gepleşiklerine gatnaşmagyny üpjün etmegi öz öňlerinde maksat edip goýdular diýip, “Politico” habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, ÝB-niň Daşary gatnaşyklar geňeşi bu duşuşygyň netijelerine täsir etmek üçin strategiýa işläp düzýär. Ýewropa diplomatiýasynyň başlygy Kaýa Kallas 11-nji awgustda ÝB-niň daşary işler ministrleriniň ýygnagyny geçirdi. Şol bir wagtda, ýewropa resmisi batly beýanatlara garaşmaly däldigini duýdurdy.
Ýewropanyň birnäçe lideri Zelenskiniň bu duşuşyga gatnaşmagy baradaky pikiri goldady. Germaniýanyň kansleri Fridrih Merz Ukrainanyň prezidentiniň 15-nji awgustda Tramp bilen Putiniň arasyndaky duşuşyga gatnaşmalydygyny aýtdy.
Merz Ýewropanyň Ukrainadaky territorial meseleleriň "Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda, ýewropalylaryň we ukrainalylaryň arkasyndan" çözülmegine ýol bermejekdigini nygtap, Amerikan administrasiýasy hem şuňa meňzeş pozisiýa eýeleýär diýip hasaplaýandygyny aýtdy.